top of page

Balkanabat hakynda

Türkmenistanyň bäş welaýatdan meýdany boýunça iň uly welaýat bolan Balkan welaýaty Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýär. Balkan welaýatynyň meýdany 138,5 müň inedördül kilometre barabar bolup, ýurdumyzyň umumy meýdanynyň ýüzden 28.4 bölegini tutýar. Balkan welaýatynyň ilaty 552 müňe deň (2012). Ol Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, ýer üsti bilen demirgazykda Gazagystan, günortada Eýran bilen araçäkleşýär. Balkan welaýaty umumy Türkmenistanyň tebigy gazynyň ýüzden 18 bölegini, nebitiň bolsa ýüzden 94 bölegini öndürýar. Şonuň üçin hem ol hazirki döwürde nebit we tebigy gaz öndürmede senagat merkezi hasaplanýar.

 

Balkan welaýaty Türkmen halkynyň iňňän gadymy watany bolupdyr. Uly we Kiçi Balkan daglary bu sebitlerde ýerleşýär. Olara umumy Balkan Daglary ady geçipdir.

Balkanabat, (Önki ady Nebitdag) Balkan welaýatynyň merkezi şäheridir. Balkanabadyň, ilaty takmynan 130 münden gowurak. Ol Aşgabat'a 450 km uzaklykda, uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýar.


Balkanabadyň taryhy ilkinji gezek 1933 ýylyna barýar. Şol wagt, Balkanabat Trans-Kaspi Demirýolynda bir duralga hökmünde döredildi. Obalardan we daşarydan ilatyň göçüp gelmegi bilen, sonra Balkanabat şäher yglan edildi.

Döwlet gimni

Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.

Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Döwlet gimni - Türkmenistan
00:0000:00

Suratlara syn ediň

© 2015 by Joseph Yans

bottom of page