top of page

TÜRKMENISTAN

BARADA MAGLUMAT

 

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär.

 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň (şol wagtda) biragyzdan goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy  bilen hemişelikBitarap döwlet diýlip ykrar edildi.

 

Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen (2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasynalaýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň esasy kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar.

 

Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.

Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň özygtyýarlygyny  ýörediji  we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.

 

Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir. 

 

Türkmenistanyň  Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň  baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara  borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.

 

Kanun çykaryjy häkimiýeti iň ýokary wekilçilikli edara — Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) amala aşyrýar, ol ýerli saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlet bilen saýlanylan 125 deputatdan ybaratdyr.

 

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ähliumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek  arkaly we alternatiw esasda  amala aşyrylýar.

Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

 

HALY
Türkmen Halysy

Türkmen halysynyň aklyňy haýran edýän sungat eserdigi hakynda dünýä taryhynda belli syýahatçylaryň, sungatöwrenijileriň, taryhçylaryň aýdanlaryny gaty köp ýerde tutaryk edinýärler.

AT
Ahal Teke Atlar

Bu beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.

Pamyk
Ak Altyn - Pamyk

I'm a paragraph. Click here to add your own text and edit me. It’s easy. Just click “Edit Text” or double click me to add your own content and make changes to the font. Feel free to drag and drop me anywhere you like on your page. I’m a great place for you to tell a story and let your users know a little more about you.

GAZ
Yeralty Gaz Baylygy

I'm a paragraph. Click here to add your own text and edit me. It’s easy. Just click “Edit Text” or double click me to add your own content and make changes to the font. Feel free to drag and drop me anywhere you like on your page. I’m a great place for you to tell a story and let your users know a little more about you.

© 2015 by Joseph Yans

bottom of page